Meýwezer Habibiň çagyryşyna jogap berdi we bu göreş üçin $600 mln sorady

  • 07.03.2020 15:29
  • 13k+

Ýeňilmedik amerikan boksçysy, bäş agram boýunça dünýäniň ozalky çempiony Floýd Meýwezer ýeňil agram boýunça Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) çempiony rus göreşijisi Habib Nurmagomedow bilen göreş geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Meýwezer Nurmagomedow bilen 600 million dollara uruşjakdygyny mälim etdi. Göreşiji garyşyk stiliň irlandiýaly göreşijisi Konor Makgregor bilen hem uly möçberli gonorara rewanş geçirmäge razylaşdy.
“Iki sany at bar: Konor Makgregor we Habib Nurmagomedow. Bu $600 mln-a durýar. Töwekgelçilik hem şoňa barabar bolmaly.
Men birnäçe göreşijiler bilen göreşmekde hiç hili many göremok. Men işli adam. Konor Makgregor bilen geçirilen göreşiň manysy boldy, sebäbi ol köp pul getirdi” – diýip, Mirror saýty Meýwezeriň sözlerini getirýär.
1-nji fewralda Nurmagomedowyň menejeri Ali Abdel-Aziz Saud Arabystanda russiýaly göreşijiniň Meýwezer bilen göreş geçirmegine gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, 31 ýaşly dagestan türgenine bu göreş üçin 100 million dollar hödürlediler.
Nurmagomedow bilen Meýwezeriň arasynda bolup biljek göreş barada ilkinji gezek 2018-nji ýylyň oktýabrynda gürrüň çykdy. Şonda russiýaly türgen Meýwezere çagyryş etdi we aýratyn düzgün boýunça uruşmagy teklip etdi: 11 raund – boks, bir raund – MMA. Boksçy özüniň gyzyklanmasynyň bardygyny bildirdi, ýöne taraplar ylalaşyga gelip bilmediler.
Ýatladyp geçsek, 2017-nji ýylyň awgustynda Meýwezer boksyň düzgüni boýunça geçirilen göreşde Makgregory ýeňdi.
18-nji aprelde Nurmagomedow UFC turnirinde oktagonda amerikaly Toni Fergýuson bilen duşuşar. Bu göreş hasabynda 28 ýeňiş bolan russiýalynyň karýerasynda 29-njy bolar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......