Neýmaryň şu tomusda “Barselona” dolanmagy mümkin

  • 06.03.2020 05:58
  • 4.1k+

“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Neýmaryň tomus transfer penjiresinde “Barselona” dolanmagy ahmal. “AS” neşiriniň habar bermegine görä, “Barselonanyň” ýakyn tomusda esasy transfer maksady “PSŽ-niň" braziliýaly hüjümçisi Neýmar bolup durýar. Braziliýaly futbolistiň parižlileriň sport müdiri Leonardo bilen gatnaşyklary düýbünden bozuldy, şol sebäpli ol topardan gitmäge taýýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, katalon kluby futbolisti tomus transfer penjiresinde dolamak üçin uly tagallalary ýola goýar. Geçen ýyl “Barselona” “PSŽ” bilen gepleşikleri geçirmek gerek bolan bolsa, bu gezek olar Neýmary FIFA-nyň reglamenti tarapyndan göz öňünde tutulan belli bir pul möçberinde satyn alyp bilerler. Düzgünde şeýle bellenilýär, oýunçy üç möwsüm gutarandan ýa-da sportsmeniň 28 ýaşy dolmazyndan öň baglaşan şertnamasyndan bir ýyl geçenden soň belli bir pul möçberi bilen klubdan gidip bilýär.
Eger-de Neýmar “PSŽ” bilen şertnamany ýatyrmak islese, onda FIFA futbolistiň kluba tölemeli pul möçberini kesgitlär. “Barselonanyň” ýolbaşçylarynyň hasaplamalaryna görä, bu puluň möçberi 180 mln ýewro bolar. Bu puly Neýmaryň özi ýa-da onuň geljekki kluby hem töläp biler.
Öň, “PSŽ-niň” braziliýaly futbolisti 190 million ýewro satjakdygy barada habar berildi. Ýatladyp geçsek, 2017-nji ýylda braziliýaly oýunçy rekord möçberde, ýagny 222 million ýewro “Barselonadan” gidip, “PSŽ-a” geçdi. Eýýäm, bir ýyldan “katalonlylar” ony yza dolamak islediler, ýöne oýunçy bilen ylalaşmak başartmady.
Häzirki möwsümde 28 ýaşly Neýmar “PSŽ” üçin ähli turnirlerde 20 oýna gatnaşdy, 16 gezek gol saldy we 10 gezek hem pökgini netijeli geçirdi. Onuň klub bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......