FourFourTwo neşiri APL-iň taryhynda iň gowy oýunçylary saýlady

  • 05.03.2020 13:41
  • 5k+

“FourFourTwo” neşiri Angliýanyň premýer-ligasynyň (IPL) taryhynda iň gowy futbolçylaryň reýtingini düzdi, bu barada gazeta.ru habar berýär.
Birinji orny “Arsenalda” çykyş eden fransuz hüjümçisi Týerri Anri eýeledi. Ikinji orna “Mançester Ýunaýtediňiň” eks-hüjümçisi Kriştianu Ronaldu mynasyp boldy. Üçlügi “Nýukasl Ýunaýtediň” eks-hüjümçisi Alan Şirrer jemleýär.
Sanawyň ilkinji bäşligi şeýle görnüşde:
1.Týerri Anri (“Arsenal”)
2.Kriştianu Ronaldu (“MÝ”)
3.Alan Şirrer (“Nýukasl”)
4.Ueýn Runi (“MÝ”)
5.Erik Kantona (“MÝ”)
Onluga Frenk Lempard, Pol Skoulz, Stiwen Jerrard, Roý Kin we Patrik Wiýeýra hem girdi.
Belläp geçsek, “Mançester Ýunaýted”-iň häzirki halypasy Ule-Gunnar Sulşer soňky 100-nji orny eýeledi.
Anri London klubynyň düzüminde 1999-njy ýyldan 2007-nji ýyllar aralygy çykyş etdi, şeýle-de 2012-nji ýylda, ol 258 oýna gatnaşdy we 175 gol geçirmek bilen Angliýanyň iki gezek çempiony boldy.

düýn 23:16
977

Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi

Baku 2026-njy ýyl üçin «Dünýäniň sport paýtagty» statusyna mynasyp boldy. Degişli çözgüt Ýewropanyň sport paýtagtlarynyň we şäherleriniň federasiýasy (ACES) tarapyndan kabul edildi diýip, AzerTaj agentligi habar berýär...

düýn 23:12
1k+

FIFA bahalar tankytlanandan soň DÇ-2026 üçin käbir petekleriň bahalaryny arzanlatdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin petekleriň täze arzan kategoriýasyny girizdi. Bu guramanyň baha syýasatynyň ýiti tankytlanmagynyň netijesi boldy. «Janköýerler üçin giriş petegi» atly täze kategoriýa boýunça petek bahasy 60 dollar bolar...

düýn 22:53
673

Olimpiadany geçirmegiň bahasy näçe? Pariže ol 2,8 mlrd ýewro düşdi

Fransiýanyň Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýasy 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bahasyny 2,8 mlrd ýewro diýip hasaplady. Bu barada Europe 1 radiostansiýasy habar berdi. «2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň arassa bahasy Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýa tarapyndan 2,8 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar» — diýlip, radiostansiýanyň habarynda aýdylýar...

düýn 22:41
2.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus» kompaniýasy bilen Awazada golf meýdançalaryny gurmak mümkinçiligini maslahatlaşdy

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň...