“Barselona” tomusda dört sany oýunçy satyn almakçy bolýar

  • 05.03.2020 06:07
  • 6.1k+

“Barselona” tomus transfer penjiresinde birbada dört sany futbolçyny satyn almagy meýilleşdirýär, bu barada Sport.es habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, katalon klubynyň ýolbaşçylygy toparyň lideri Lionel Messiniň özüniň karýerasynyň soňky ýyllarynda güýçli ýoldaşlara eýe bolmagyny isleýär.
“Barselonanyň” esasy transfer maksady iki goragçydan we iki hüjümçiden ybarat. Katalonlylar iki sany merkezi goragçy bilen şertnama baglaşmagy berk ýüregine düwýär, çünki häzirki wagtda düzümde diňe Pikeden, Umtitiden we Langleden ybarat üçlük, hüjümçi zolagynda bolsa iki futbolçy bar, sebäbi Usman Dembele bilen Luis Suares köplenç, şikes ýetmä sezewar bolýarlar. Şeýle-de, ýarym goragçy satyn almak mümkinçiligine hem seredilip bilner.
“Barselona” 26 tapgyrda 55 utuk gazanmak bilen Ispaniýanyň çempionatynyň turnir tablisasynda ikinji orny eýeleýär, birinji setirde bolsa Madridiň “Realy” ýerleşýär. Ýatladyp geçsek, çempionatyň geçen 26-njy tapgyrynda “katalonlylar” olardan 2:0 hasaby bilen ýeňildiler. Madrid klubynyň hasabynda 56 bal bar. Indiki tapgyrda katalonlylar öz meýdançasynda “Real Sosýedad” bilen duşuşar. Duşuşyk 7-nji martda geçiriler. Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşygynda “Barselona” “Napoli” bilen duşuşdy, oýun 1:1 hasaby bilen deňe-deň gutardy. Jogap oýny 18-nji martda geçiriler.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......