Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde şu ýylyň iki aýynyň jemleri seljerildi

  • 05.03.2020 00:34
  • 5.2k+

4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler. Hususan-da, goranmak ministri goşunlaryň dürli kysymlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak hem-de esgerleriň we serkerdeleriň ýaşaýyş we durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde düzgün bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy hakynda habar berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy kazyýet önümçilik işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Baş prokuror garamagyndaky düzümleriň şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew milli howpsuzlygy üpjün etmek, döwlet özygtyýarlylygynyň sütünlerini ygtybarly goramak boýunça ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Adalat ministri hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, kadalaşdyryjy namalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy düzümiň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarda işleriň ýagdaýy, şu ýylyň iki aýynda olaryň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer Milli Goşunymyzyň işgärler düzümini pugtalandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň durmuş üpjünçiligi bilen bagly meseleler barada habar berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

şu gün 07:44
184

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......