Ronaldu 2020-nji ýylda birinji gezek gol geçirmedi

  • 28.02.2020 23:15
  • 5.3k+

Penşenbe güni, 26-njy fewralda Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýny “Lion” – “Ýuwentus” boldy. “Ýuwentus” Çempionlar ligasynyň bu oýnunda “Lion”-dan 1:0 hasap bilen utuldy.
Turinlileriň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2020-nji ýylda birinji gezek goly bilen tapawutlanyp bilmedi. 2020-nji ýylda ol “Lion” bilen duşuşykdan galanlaryň ählisinde gol geçirdi. Italýanyň Seriýa A çempionatynda Ronaldu geçen ýylyň dekabryndan başlap ähli oýunlarda gol salýar we şu ýylda birinjiligiň ýedi oýnunda garşydaşlaryň derwezesine 11 gezek zarba urýar. Bu döwürde Italiýanyň Kubogynda hüjümçi iki oýna gatnaşdy we olaryň hersinde gol geçirdi.
“Lion” – “Ýuwentus” oýnunda ýekeje goluň awtory ýer eýeleriniň ýarym goragçysy Luka Tusar boldy. Toparlaryň jogap duşuşygy Turiniň “Alýans” stadionynda 17-nji martda geçiriler.
Häzirki möwsümde 35 ýaşly hüjümçi ähli turnirde 31 oýna gatnaşdy, olarda 25 gezek gol saldy we üç gezek pökgini netijeli geçirdi.

şu gün 18:23
1k+

Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasyna zeper ýetenden soň, onda gorag panelleri gurnaldy

Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasynda kosmos galyndysynyň kiçijik böleginiň üç kosmonawty dokuz günläp "gabap" saklan hadysasyndan takmynan bir aý soň, ekipaž stansiýanyň gurluşyna üýtgeşmeler girizmäge başlady diýip, CGTN döwlet teleýaýlym ulgamy habar berýär...

şu gün 13:23
2.8k+

Dünýäde iň uly elektrik gämisi Tasmaniýada ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi

Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady...

şu gün 13:22
3.7k+

Fotosuratçy ilkinji gezek bir kadrda iki seýrek atmosfera hadysasyny - «elfi» we «spraýty» surata düşürdi

Italiýaly fotosuratçy Walter Binotto bir suratda örän seýrek duş gelýän iki atmosfera hadysasyny: gyzyl spraýty we «elfi» surata düşürmegi başardy. Özboluşly kadr noýabryň ahyrynda Possanýo şäheriniň golaýynda düşürildi...

şu gün 13:21
828

Nvidia dolandyryş hili boýunça kompaniýalaryň reýtinginde Apple-den öňe geçdi

Grafiki çip öndürijisi Nvidia Corp. dolandyryş hili boýunça iň gowy amerikan kompaniýalarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýting The Wall Street Journal neşiri üçin Klermont uniwersitetiniň Draker instituty tarapyndan düzüldi...