Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşyjylaryň 16-syndan 15-si belli edildi

  • 28.02.2020 23:10
  • 3.6k+

Ýewropa futbol Ligasynyň 1/8 finalyna çykan 15 sany topar belli boldy.
Çarşenbe we penşenbe günleri geçen 1/16 finalyň jogap oýunlarynyň netijesi boýunça, turniriň indiki tapgyryna “Baýer”, “Wolfsburg” (ikisem – Germaniýa), “Bazel” (Şweýsariýa), “Wulwerhempton”, “Mançester Ýunaýted” (ikisem – Angliýa), “Istanbul Başakşehir” (Türkiýe), “Inter”, “Roma” (ikisem – Italiýa), “Kopengagen” (Daniýa), LASK (Awstriýa), “Olimpiakos” (Gresiýa), “Reýnjers” (Şotlandiýa), “Sewilýa”, “Hetafe” (ikisem – Ispaniýa) we “Şahtýor” (Ukraina) çykdy. Ýewropa Ligasynyň 1/16 finalynyň awstriýa “Zalsburgy”-nyň nemes “Aýntraht” bilen jogap duşuşygy (birinji duşuşyk – 1:4) tupanyň boljakdygy duýdurylandan soň, anna gününe geçirildi we ol indi turniriň 1/8 finalynyň bije çekilişiginden soň geçiriler.
Ýewropa Ligasynyň indiki tapgyrynyň bije çekilişigi anna güni Nýonede (Şweýsariýa) geçiriler. 1/8 finalynyň ilkinji oýunlary 12-nji marta, jogap oýunlary 19-njy marta meýilleşdirilen.

düýn 20:02
3.1k+

Týerri Anri tutuş karýerasyndaky üstünlikleri üçin BBC-niň hormat baýragyna mynasyp boldy

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Londonyň “Arsenalynyň” ady rowaýata öwrülen hüjümçisi Týerri Anri karýerasyndaky ajaýyp üstünlikleri üçin "Lifetime Achievement" (Ömrüniň dowamynda gazanylan üstünlik) baýragyna mynasyp boldy...

düýn 18:19
703

Türkmenistan Hytaý Taýpeýinde geçirilen «FISU Healthy Campus» atly halkara maslahatyna gatnaşdy

9-14-nji dekabr aralygynda Hytaý Taýpeýinde ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge «FISU Healthy Campus» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş sekretary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Serdar Gurdow gatnaşdy...

düýn 12:35
7.3k+

Entoni Joşua altynjy raundda Jeýk Poly nokauta gidirdi

Britaniýaly boksçy, superagyr agramda öňki birleşdirilen dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger we boksçy Jeýk Poldan üstün çykdy. Söweş 20-nji dekabrda ABŞ-nyň Maýami şäherindäki «Kaseýýa Sentr» arenasynda geçirilen ýaryşyň esasy wakasy boldy...

düýn 11:58
4.1k+

Türkmen karateçileri Özbegistanda Arkalaşyk kubogyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Arkalaşyk kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýar. Ýaryş 19-21-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň Nawoýy şäherinde geçirilýär. Meýlis Paşagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky toparyň düzümine üç türgen girdi...