Edara-kärhanalaryň, telekeçileriň ählisiniň öz web-saýtlary dörediler

  • 28.02.2020 00:40
  • 5.5k+

Türkmenistandaky ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmek, işe girizmek we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Bu işleri 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli işe girizmek bellenildi.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda «bir penjire» ulgamy kesgitlenendir. Bu ulgam halkara tejribesinde resminamalary taýýarlamak hem-de daşary ykdysady işlerine gatnaşyjylaryň maglumatlaryny bermek, şolaryň bir nokatda maglumat taýdan üpjünçiliginiň elýeterliligi babatda ulanylýar.
Şu babatda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan işe girizilen e.gov.tm diýen bir bitewi Döwlet hyzmatlar hem-de işler portaly uly waka boldy. Bu portal raýatlar we işewürlik üçin elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge niýetlenen «bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamydyr.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......