Wise-premýer R.Meredow Katar döwletine iş saparyny amala aşyrar

  • 28.02.2020 00:15
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň penşenbe güni geçiren hökümet mejlisiniň barşynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherine boljak gulluk iş saparynyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň paýtagtyna gulluk iş saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanmagyň üpjün edilmegini tabşyryp, Kataryň Emirine halkara derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurmagy tabşyrdy.

düýn 22:44
595

OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar

OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar. The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär...

düýn 16:51
6.2k+

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi...

düýn 15:28
5.3k+

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada «Bank habarlary» elektron žurnaly habar berýär...

düýn 14:30
3.1k+

HZG: 2025-nji ýylda dünýäde ýaş adamlaryň her bäşinjisi ne okady, ne-de işledi

2025-nji ýylda dünýäde her bäşinji ýaş adam ne okuw, ne-de iş bilen meşgullandy. Şeýle maglumatlar Halkara zähmet guramasynyň (HZG) häzirki ýyl üçin hasabatynda saklanýar. Hasabata görä, bilim, iş ýa-da hünär taýýarlygy bilen meşgullanmaýan ýaşlaryň paýy 20%-e ýetdi...