Habib: “Galp dalaşgärler bilen uruşmak islemeýärin”

  • 27.02.2020 23:21
  • 12k+

MMA-nyň rus göreşijisi, UFC-niň ýeňil agram boýunça çempiony Habib Nurmagomedow Konor Makgregor bilen rewanşyň näme üçin özüni gyzyklandyrmaýandygyny düşündirdi. 2018-nji ýylyň oktýabrynda Nurmagomedow dördünji raundda Makgregory ýeňdi.
Habibiň aýtmagyna görä, edil häzir ol irlandiýalyny özi üçin hakyky garşydaş hasaplamaýar.
“Meniň pikirimçe, adamlar geçen gezekde bolan zatlaryň dowamyny görmek isleýärler. Olar drama isleg bildirýärler. Eger-de siz “Kim ýeňer?” diýip sorasaňyz, tas hemmesi diýen ýaly Habib diýip jogap berer, sebäbi men birinji göreşde ýeňiş gazandym. Hemmeler munuň nähili bolýandygyny görmek isleýärler. Ýöne bularyň ählisi şou üçin.
Ikinji göreş maňa köp pul getirerdi we drama meýilnamasynda hem gowy göreş bolardy. Ýöne eger-de gürrüň çynlakaý titul ýaryşy barada gidýän bolsa, Konor munuň üçin gabat gelenok.
Men özümiň mirasym barada alada edýärin, onuň täsirli bolmagy üçin bolsa Dastin Porýe, El Ýakwinta ýaly güýçli göreşijileri ýeňmeli. Häzir men Toni Fergýuson bilen göreşe taýýarlyk görýärin. Çempion guşagy ugrunda ýasama däl-de, hakyky dalaşgärler bilen uruşmak isleýärin” – diýip, TMZ web-saýty Nurmagomedowyň sözlerini getirýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......