“Real” Mbappe derek Holanny satyn almak isleýär

  • 26.02.2020 20:06
  • 5k+

“The Sun” gazetiniň habar bermegine görä, Madridiň “Realy”  Fransiýanyň ýygyndy toparynyň we “PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappeni satyn almakdan ýüz öwrüp, oňa derek Dortmundyň “Borussiýasynyň” norwegiýaly bombardiri Erling Holanny satyn almak isleýär.
“Real” 19 ýaşly hüjümçiniň transfer mümkinçiligini eýýäm geljek tomusda göz öňünde tutýar. Ýatladyp geçsek, şu gyşda Holan “Zalsburgdan” 4,5 ýyllyk zähmet şertnamasyna gol çekmek bilen nemes klubyna geçdi. Holandyň dortmundlylar bilen şertnamasy 4,5 ýyla niýetlenilen, ýöne onda hüjümçiniň “Borussiýadan” 2021-nji ýylda 65 million funta gidip biljekdigini görkezýän punkt bar. Ýöne “Real” futbolistiň ugruna eýýäm şu tomusda çykmak isleýär, çünki şeýle etmek transferi, takmynan, 250 million funt bilen bahalandyrylýan Mbappeni satyn almakdan has amatly bolýar.
Şu möwsümde ol 29 oýna gatnaşyp, 39 gezek gol saldy. “Borussiýany” düzüminde Erling ähli turnirde sekiz duşuşyga gatnaşdy, ol 12 gezek goly we bir gezek pökgini netijeli geçirmesi bilen hasaba alyndy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......