Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy köpçülige hödürlenildi

  • 25.02.2020 23:02
  • 5.6k+

Türkmen habar beriş serişdeleri “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň taslamasyny çap etdiler. Taslamanyň elektron görnüşini şu salgydan görüp bolar.
Taslama çap edilenden soň gelip gowuşjak teklipler ýene-de bir gezek düýpli öwreniler we Kanunyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak işi dowam etdiriler. Ol Halk Maslahatynyň geljekki mejlisiniň garamagyna hödürlener.
Hil taýdan täze iki palataly Parlament gurluşyna geçilmegi bilen baglylykda, Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler.

Şeýlelikde, gelip gowuşýan köp sanly tekliplere laýyklykda, wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýet bolup durýan iki palataly edaranyň bitewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek hakyndaky başlangyç gyzgyn goldaw tapdy. Şoňa görä-de, garamagyňyza hödürlenen resminamada Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan 6belgili maddany aýyrmak teklip edilýär.
Şeýle hem taslamada Konstitusion topara gelip gowuşýan teklipler bilen baglylykda we iki palataly parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, Milli Parlament Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasy — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......