Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 25.02.2020 16:55
  • 6.6k+

24-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň hem-de welaýat häkimleri sebitlerde, şol sanda welaýatlaryň oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak, ýazlyk ýeralma we sogan ekişini tamamlamak, köpçülikleýin bag ekmek çäresine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de bag ekiljek ýerleri we zerur nahallary häzirden doly taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de maldarlara bu babatda ähli zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Mundan başga-da gowaça ekişini bellenilen möhletinde we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz möwsümine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berildi. Şeýle hem öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwarymly ekerançylygyň medeniýetini kämilleşdirmek hem-de suw üpjünçiligini gowulandyrmak wezipelerini Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmeleriniň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi.
Döwlet Baştutany ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki işleri ünsden düşürmezlik barada degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

şu gün 07:44
184

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......