Makgregoryň tälimçisi: “Konor sportuň çägindäki ýalňyşlary üçin jogap bermeli boldy”

  • 23.02.2020 22:45
  • 11k+

Garyşyk başa-baş göreşiň irlandiýaly göreşijisi Konor Makgregoryň tälimçisi Jon Kawana öz göreşijisine näme üçin guwanýandygyny düşündirdi.
Öň, Makgregor birnäçe dawalara we gapma-garşy ýagdaýlara gatnaşypdy. Sportsmeniň 2018-nji ýylda tizligini artdyrandygy üçin sürüjilik şahadatnamasy elinden alyndy, geçen ýylyň noýabrynda bolsa ol Dublinde bir adama topulandygy üçin bir müň ýewro jerime töledi.
— Men Konora diýseň buýsanýaryn – diýip, Kawana RTE bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. – Men onuň bir özüniň biziň sportumyzy tanadandygyna düşünýärin. 60-ýaşly aýallar meni saklap, onuň türgenleşiginiň nähili geçýändigini soraýarlar. Ol özüniň ýalňyşlary we şowsuzlyklary üçin özi jogap berdi. Ol sportuň çäginde eden ýalňyşlary üçin “tölemeli boldy”.
Öň, Jon Kawana Konoryň geljek dört aýyň içinde ýene bir göreş geçirjekdigini habar berdi we onuň garşydaşy hökmünde kimi görmek isleýändigini aýtdy.
— Men Konor tomusa çenli uruşmasa, örän geň galaryn. Ol tomusa çenli hökman göreş geçirer.
Onuň bolup biljek garşydaşy baradaky soraga Kawana oňa garşy göreşde Jastin Geýtjini görmek isleýändigini mälim etdi.
“Jastin Geýtji ýarym orta agramda. Bu meniň şahsy makullamam”.
2020-nji ýylyň ýanwarynda Makgregor 2018-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Habib Nurmagomedowdan ýeňilenden soň birinji göreşini geçirip, amerikaly Donald Serroneden üstün çykdy.
Şundan soň 31 ýaşly irlandiýaly türgen Nurmagomedowa garşy rewanş geçirmek isleýändigini aýtdy.
MMA-da professional karýerasy ugrunda Makgregor 26 göreşe gatnaşdy, 22-sinde ýeňiş gazandy (19-sy nokaut bilen) we ýeňil agram hem-de ýarym ýeňil agram boýunça UFC-niň çempion guşagyny ele aldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......