Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öňki ýerini saklap galdy

  • 22.02.2020 22:02
  • 6.5k+

FIFA-nyň fewral aýy boýunça täzelenen reýtinginde Türkmenistan 129-njy ýerde bolmagynda galdy. Dekabr aýyndaky hasabatda hem ýurdumyz şu derejede saklanýardy. Şol wagtdan bäri, Ante Mişäniň topary milli ýygyndylar bilen resmi halkara duşuşyklary geçirmändi. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň wekilleriniň arasynda Türkmenistan 24-nji ýerde. Bu barada Turkmenportal FIFA-nyň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär.
Reýtingde birinji ýeri, öňküsi ýaly, Belgiýa saklap galdy. Ikinji ýerde Fransiýa. Üçünji orunda Braziliýa, soňra Angliýa, Urugwaý we Horwatiýa.
Dünýä çempionaty 2022-ä saýlaw tapgyry boýunça Türkmenistanyň garşydaşlary reýtingde şu ýerleri eýeleýär: Koreýa Respublikasy (40-njy), Liwan (89-njy), KHDR (116-njy), Şri-Lanka (206-njy).

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......