Donald Serrone ýakynda oktagona dolanjakdygy barada habar berdi

  • 21.02.2020 22:10
  • 3.5k+

Bir aý mundan öň, Konor Makgregora garşy göreşde ýeňlişe sezewar bolan Donald Serrone tiz wagtdan oktagona dolanmagy meýilleşdirýär diýip, fighttime.ru habar berýär.
Bu barada Kowboý ogly Jenjer bilen düşen suratyny Instagramda goýmak bilen habar berdi.
“Sen nähili pikir edýärsiň, Jenjer? Biz martda uruşmalymy ýa-da aprelde?” (What you thinking Danger?? We should fight in March or April?) – diýip, Serrone ýazýar.
Häzirki wagtda 36 ýaşly Donald Serrone üç ýeňlişli zolakda ýerleşýär, ýagny ol tehniki nokaut bilen Toni Fergýusondan, Jastin Geýtjiden we Konor Makgregordan ýeňildi, muňa garamazdan, ol UFC-niň ýeňil agramlylarynyň reýtinginde bäşinji setiri eýelemegini dowam etdirýär.
Belläp geçsek, Bruklinde UFC 249 turnirine gatnaşmagy göz öňünde tutýan Islam Mahaçew hem aprela özi üçin garşydaş tampakçy bolýar.

düýn 20:53
6.9k+

Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy...

düýn 15:36
10k+

Mbappe sürüjilik şahadatnamasyny aldy we özüne BMW iX3 edindi

«Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe 27 ýaşynda Madridde sürüjilik şahadatnamasyny aldy. Ol özüniň ilkinji ulagy hökmünde awtomat korobkaly doly elektrikleşdirilen «BMW iX3» modelini saýlady. BMW kompaniýasy Madrid klubunyň hyzmatdaşy bolsa-da, toparyň beýleki oýunçylarynyň arasynda bu modeli Mbappeden başga saýlan ýok...

düýn 11:48
5.2k+

BBC-iň sanawyna görä braziliýaly Ronaldo XXI asyryň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi

Britaniýanyň meşhur BBC agentligi XXI asyryň iň gowy hüjümçileriniň sanawyny taýýarlady. Onuň iň ýokary basgançagyny «towşandiş» lakamy bilen tanalýan braziliýaly Ronaldo eýeledi. Gyzykly tarapy, bu sanawa Kriştiano Ronaldu we Lionel Messi girizilmedi...

08.03.2026 22:03
5k+

«Inter Maýaminiň» eýesi: Messi klubda ýylda 80 million dollara çenli gazanýar

Dünýä belli argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Inter Maýami» amerikan futbol klubunda ýylda 70 milliondan 80 million dollara çenli alýar. Bu barada klubuň eýelerinden biri bolan Horhe Mas Bloomberg agentligine beren interwýusynda mälim etdi...