Messi: “Meniň pikirimçe, Neýmar “Barselona” dolanmak isleýär”

  • 21.02.2020 21:27
  • 4k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi “Mundo Deportivo” sport gazetine beren interwýusynda “PSŽ-niň” hüjümçisi Neýmaryň katalon klubyna dolanmak isleýändigi baradaky gürrüňlere teswir berdi.
— Neýmar dünýäde iň gowy oýunçylaryň biri. Men onuň dolanmagyny isleýärin. Ol biziň bilen hem meýdançada, hem ondan daşarda wagtyny şadyýan geçirýärdi, ol bagtlydy. Köpler onuň gitmeginden nägile boldular, biz ony saklamaga çalyşdyk. Şeýle-de bolsa, biziň hemmämiz gowy ýaşamaga ýykgyn edýäris. Meniň pikirimçe, ol gidenine gynanýar we dolanmak isleýär – diýip, Messi belleýär.
Muňa garamazdan, Neýmar ýaňy-ýakynda mundan beýläk hem Pariž kluby üçin çykyş etmäge taýýardygyny habar berdi.
Ýöne “PSŽ-niň” ýolbaşçylary braziliýaly hüjümçi bilen täze şertnama barada gepleşikleri geçirmäge howluganok.
Çeşmäniň habar bermegine görä, 28 ýaşly Neýmar “PSŽ-de” galmak we fransuz kluby bilen täze şertnama gol çekmek isleýär, emma gepleşikler heniz başlamady.
2019-njy ýylyň tomsunda futbolçynyň “Barselona” dolanmaga ýakyn bolandygy, ýöne transferiň amala aşmandygy we onuň Fransiýada galandygy bellenilýär.
Neýmaryň “PSŽ” bilen häzirki şertnamasy 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli niýetlenilen.
Liga 1-iň häzirki möwsüminde Neýmar Tomas Tuheliň toparynyň 14 oýnunda 13 gezek goly we 6 gezek pökgini netijeli geçirmesi bilen bellige alyndy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......