Böwregiň sagdynlygyny saklamak üçin nähili endiklerden ýüz öwürmeli

  • 20.02.2020 22:05
  • 17k+

Böwrekleriň kadaly işiniň tutuş organizme düýpli täsir edýändigi hemmelere mälimdir. Olar ähli mümkin bolan toksinleri we zyýanly bakteriýalary özüne ýygnaýan gany arassalamakda özboluşly süzgüç bolup çykyş edýärler.
Internet torunda böwrekleriň sagdynlygyny saklamak üçin nähili endiklerden ýüz öwürmelidigi barada aýtdylar. Bu barada “Ramblere” salgylanmak bilen cursorinfo.co.il habar berýär.
Beloklary hetdenaşa köp kabul etmek. Köp adamlar horlanmak maksady bilen beloklaryň köp mukdaryny saklaýan berhizleri saýlaýarlar.
Onuň hetdenaşa köp kabul edilmegi beloklary organizmden çykarmak prosesiniň böwrege salýan agramynyň artmagyna getirýär, netijede organizmde howply daşlar peýda bolup bilýär. Uky ýetmezçiligi. Böwregiň dokumalary gije täzelenýär, şonuň üçin siz gijesine ýatmazlyk bilen uly töwekgelçilik edýärsiňiz, çünki şu zerarly böwrek ejir çekýär. Dokumalaryň täzeleniş prosesi bolmalysy ýaly ýerine ýetmeýär, bu bolsa böwrekleriň işiniň bozulmagyna getirýär.
Az hereketlilik. Şu sebäp bilen siziň böwregiňizde böwreklerde daşyň emele gelmegine sebäp bolup biljek hereketsizlik peýda bolýar. Bu esasan hem, günüň dowamynda az hereket edýän edara işgärlerine degişli, şonuň üçin yzygider fiziki hereket etmeli.
Kofeniň gereginden artyk kabul edilmegi. Eger-de günüň dowamynda bir-iki çaşka bilen çäklendirilse, bu içgi siziň böwregiňize zyýanly täsir etmeýär.
Çilim çekmek we alkogol içgileri içmek. Aslynda, “köp” ýa-da “köplenç” diýen kategoriýalara tarap “ylgamagyň” geregi ýok, sebäbi hatda az mukdarda hem bu faktorlar böwrege negatiw täsir edýär. Olar siziň organizmiňizi böwregiň işini bozýan we dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýän zyýanly toksinler bilen üpjün edýärler.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....