Çempionlar ligasy: 1/8 final duşuşyklary

  • 18.02.2020 23:58
  • 6k+

Norwegiýaly hüjümçi Erling Holandyň iki goly Dortmundyň «Borussiýasyna» Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda fransuzlaryň «PSŽ» klubyndan üstün çykmagyna ýardam etdi. Birinji pökgi 69-njy minutda derwezä girdi. Jogap pökgüsini Neýmar geçirdi. Emma «Borussiýanyň» 19 ýaşly hüjümçisi jemleýji pökgüni geçirmegi başardy. Hasap – 2:1.
Ispanlaryň «Atletikosy» bolsa öz meýdançasynda iňlisleriň «Liwerpulyndan» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeke-täk goly 4-nji minutda Saul geçirdi. Belläp geçmeli zatlaryň biri — Diego Simeoneniň tälimçiliginde «Atletikonyň» oýunçylary Çempionlar ligasynyň oýunlarynda öz meýdançalaryndan bir gezek hem ýeňilmändiler.
Jogap duşuşyklar 11-nji martda geçiriler.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......