2019-njy ýylda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň özara haryt dolanyşygy 2,6 esse ýokarlandy

  • 18.02.2020 22:22
  • 6.5k+

Geçen ýylda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň özara haryt dolanyşygy 2,6 esse ýokarlandy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň sişenbe güni geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda bellenilip geçildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, täze özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.
Russiýanyň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da giňeltmäge çalyşýandyklaryny görkezýärler. Indi ençeme ýyllardan bäri Russiýa Federasiýasynyň meşhur kompaniýalarynyň birnäçesi türkmen bazarynda üstünlikli işleýär.
Şunuň bilen baglylykda, Wladimir Putin türkmen kärdeşine iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.
Söhbetdeşler sebit we ählumumy meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.
Türkmen Lideri russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......