Dastin Porýe Habib bilen Fergýusonyň göreşi barada çaklama öňe sürdi

  • 18.02.2020 22:03
  • 7.3k+

UFC-niň ýeňil agramda ozalky wagtlaýyn çempiony Dastin Porýe diwizionyň birinji belgisi bolan Toni Fergýuson Habib Nurmagomedow üçin uly mesele bolar diýip pikir etmeýär.
“Bu MMA, munda her zat bolup biler, ýöne meniň pikirimçe, bäsdeş hökmünde Habib Fergýusondan gowy” – diýip, Porýe “Ariel Helwaniň MMA-şou-y” çykyşynda belleýär. “Eger-de Kewin Li, şol sanda Denni Kastilýo hem Toniden üstün çykyp bilen bolsa, Habib hem muny gürrüňsiz başarar”.
Porýeniň aýtmagyna görä, çempion üçin iň howply garşydaş özüniň watandaşy Jastin Geýtji bolup durýar.
“Ol gözenekde gowy goranar, eger-de Habib ony ýyksa-da, ol galmagy başarar. Meniň pikirimçe, töwekgelçilik etmegi söýýän, şonuň bilen birlikde oňat pälwan bazasyna eýe bolan şeýle ýigit oňa mesele döredip biler”.
Ýatladyp geçsek, ýeňil agramda Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýusonyň arasyndaky titul göreşi 18-nji aprelde Bruklinde geçiriljek UFC 249 turniriniň esasy wakasy bolar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......