Täze ýedi orunly Suzuki krossoweri görkezildi

  • 18.02.2020 21:31
  • 1.9k+

Suzuki kompaniýasy aziýa bazarlary üçin niýetlenilen, “kompaktwen ýaly amatly krossoweri” – XL7 modeliniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu täze krossower iki göwrümli kuzowy, kiçiräk gabarada ýedi orunly salony bilen tapawutlandy. Bu barada motor.ru habar berýär.
Suzukiniň gammasynda 2000-nji ýylyň ikinji ýarymynda XL7 modeli bolupdy, ýapon öndürijisi demirgazyk amerikan bazary üçin General Motors bilen bilelikde işlenilip düzülen we 2009-njy ýyla çenli çykarylan orta göwrümli ýol ulaglaryny şeýle atlandyrypdy.
Bu ulag serişdesi diňe Indoneziýanyň awtomobil bazarynda satylar. Ýapon kompaniýasynda bu bazaryň XL7 modeli üçin şowly ýer boljakdygyny nygtaýarlar, çünki ýerli awtosöýüjiler miniwenleri gowy görýärler, muňa garamazdan, krossowerleriň meşhurlygy hem barha artýar.
Brendiň wekilleri täze ulag serişdesiniň “iki esse urgy” bermäge ukyplydygyny, sebäbi onda hem krossoweriň, hem miniweniň häsiýetleriniň jemlenýändigini belleýärler.
Tassyklanylmadyk maglumatlar boýunça ýapon kompaniýasynyň täze modeliniň uzynlygy – 4450 - millimetr, ini – 1775 millimetr, beýikligi – 1710 millimetr.
Ulag serişdesi benzinli bir ýarym litr güýçli enjam arkaly herekete getirilýär. Heniz Indoneziýanyň awtosöýüjilerine bu modeliň nähili komplektasiýada we näçeräk baha bilen hödürlenjekdigi belli däl. Satuwa başlanjak sene barada hem maglumat ýok.

düýn 22:12
1.2k+

Nissan we Infiniti awtomobillerinde sesi sürüjiniň eşidişine görä sazlamak üçin funksiýa peýda boldy

Nissan kompaniýasy sesiň ýaňlanyşyny sürüjiniň eşidiş aýratynlyklaryna görä sazlamak üçin niýetlenen mugt Personalized Sound programmasyny işe girizdi. Hyzmat Google built-in multimedia ulgamy bilen üpjün edilen Nissan we Infiniti awtomobilleriniň eýeleri üçin Google Play dükanynda elýeterli boldy diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:49
2.3k+

Reuters: Tesla-nyň direktorlar geňeşiniň agzalary höweslendirmeleriň hasabyna 3 milliard dollardan gowrak gazandylar

Tesla kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzalary 2004-nji ýyldan bäri, esasan, paýnama opsionlary görnüşinde jemi 3 milliard dollardan gowrak sylag gazandylar. "Equilar" kompaniýasynyň hasaplamalaryna esaslanyp, "Reuters" agentligi şeýle maglumat berýär...

düýn 12:17
3.8k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...

17.12.2025 16:43
4.2k+

Jeep Wrangler ýolsuz awtoulagy ak reňkli radiator gözenegi bolan ýörite nusgada çykaryldy

Jeep kompaniýasy Wrangler modeliniň "Whitecap" diýlip atlandyrylan täze ýörite wersiýasyny hödürledi. Bu seriýa özboluşly stili we könäni ýatladýan dizaýny, esasanam, kuzowynyň esasy elementlerinde ak reňkli bezegleriň ulanylmagy bilen tapawutlanýar...