Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 17.02.2020 22:18
  • 4.5k+

17-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň döwlet durmuşynyň we paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy baradaky meseleler maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň dowamynda welaýat häkimleri işleriň ýagdaýy, alnyp barylýan möwsümleýin işler, agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça görülýän çäreler, gowaçanyň, gök-miwe ekinleriniň hem-de ýeralmanyň ýazky ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.
Hasabatlarda maldarçylyk ulgamynda alnyp barylýan işler, pile öndürmek hem-de köpçülikleýin bag ekmek boýunça geçiriljek çäreler barada habar berildi. Şanly senä — döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi ýurdumyzyň baş şäherinde işleriň ýagdaýy barada, paýtagtymyzy ösdürmäge degişli maksatnamadaky wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bellenen kadalara laýyklykda, agrotehniki çäreleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ak ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini güýçlendirmek barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatynyň dowamynda göni sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, oba hojalyk möwsümleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, oba hojalygynda agrotehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak boýunça döwrebap usullary ulanmak babatda görkezme berildi.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......