Hindi ylgawçysy gäwmiş bilen Useýn Boltuň rekordyny täzeledi

  • 16.02.2020 21:55
  • 6.4k+

Gäwmişleri gatnaşdyrmak bilen geçirilýän hindi milli ýaryşy bolan “Kambala” wagtynda ylgawçy Sriniwasa Gauda Ýamaýkanyň meşhur türgeni Useýn Boltuň rekordyny täzeledi. Ol 100 metr aralygy 9,55 sekundyň içinde geçdi. Bu barada “TV5 Kannada” teleýaýlymyna salgylanmak bilen life.ru habar berýär.
2009-njy ýylda ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda ýamaýkaly türgen 100 metr aralygy 9,58 sekundyň içinde geçipdi.
142 metr bolan tutuş ýoly Gauda 13,62 sekundyň içinde geçdi. Şeýle-de bolsa, ol ylgaw zähmetiniň bir bölegini öz üstüne alan ýoldaşlaryny, ýagny gäwmişleri hem ýatdan çykarmady.
Öküzleriň gatnaşmagynda geçirilýän “Kambala” ýaryşy – bu Hindistanyň Karnataka ştatynyň kenar ýakasynda geçirilýän gadymdan gelýän ýaryş. Ylgawçylar iki sany gäwmiş bilen 132 ýa-da 142 metr aralygy geçmeli bolýarlar, bu ýol bolsa suwa basdyrylan şaly meýdany boýunça gidýär. 2014-nji ýylda bu baýramçylyk hindi hökümeti tarapyndan gadagan edilýär, ýöne birnäçe wagt geçenden soň onuň düzgünleri täzeden işlenilip, bu baýramçylyga ýene-de rugsat berilýär.
Häzir bolsa Hindistanyň hökümeti ylgawçy Sriniwasa Gaudany barlamakçy bolýarlar.
— Hindistanyň sport guramasynyň resmi adamlary eýýäm onuň bilen habarlaşdylar. Oňa demir ýol petegi satyn alyndy, ol eýýäm duşenbe güni gurama geler. Men milli baş tälimçileriň ony bolmalysy ýaly barlamagy üçin ähli zady gurnaryn – diýip, ýurduň Ýaşlar we sport işleri boýunça ministrliginiň ýolbaşçysy Kiren Rijidju habar berýär.

düýn 20:53
6.9k+

Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy...

düýn 15:36
10k+

Mbappe sürüjilik şahadatnamasyny aldy we özüne BMW iX3 edindi

«Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe 27 ýaşynda Madridde sürüjilik şahadatnamasyny aldy. Ol özüniň ilkinji ulagy hökmünde awtomat korobkaly doly elektrikleşdirilen «BMW iX3» modelini saýlady. BMW kompaniýasy Madrid klubunyň hyzmatdaşy bolsa-da, toparyň beýleki oýunçylarynyň arasynda bu modeli Mbappeden başga saýlan ýok...

düýn 11:48
5.2k+

BBC-iň sanawyna görä braziliýaly Ronaldo XXI asyryň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi

Britaniýanyň meşhur BBC agentligi XXI asyryň iň gowy hüjümçileriniň sanawyny taýýarlady. Onuň iň ýokary basgançagyny «towşandiş» lakamy bilen tanalýan braziliýaly Ronaldo eýeledi. Gyzykly tarapy, bu sanawa Kriştiano Ronaldu we Lionel Messi girizilmedi...

08.03.2026 22:03
5k+

«Inter Maýaminiň» eýesi: Messi klubda ýylda 80 million dollara çenli gazanýar

Dünýä belli argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Inter Maýami» amerikan futbol klubunda ýylda 70 milliondan 80 million dollara çenli alýar. Bu barada klubuň eýelerinden biri bolan Horhe Mas Bloomberg agentligine beren interwýusynda mälim etdi...