Jared Kannonýe şikesi sebäpli näbelli möhlet bilen çykýar

  • 15.02.2020 22:29
  • 2.4k+

UFC-niň ýeňil agramlylarynyň reýtinginiň dördünji belgisi Jared Kannonýe Darren Till bilen göreşe çykmaz. Ol döş myşsasynyň şikesi sebäpli, UFC 248 turnirinden aýrylmak bilen Israel Adesanýeniň we Ýoel Romeriň titul göreşine hem gözegçilik edip bilmez.
Bu barada amerikaly göreşiji potensial garşydaşyna ýüzlenmek bilen Instagramda habar berdi, diýip fighttime.ru belleýär.
“Darren Till, men seniň dogumlylyk bilen göreşi kabul etmek kararyna gelendigiňe şat” – diýip, Kannonýe ýazýar. “Ýöne bu men çep kükrek myşsama zeper ýetirenimden iki günden soň boldy. Sişenbe güni men operasiýa etdirýärin. Eger-de sen orta diwizionda galmagyňy dowam etdirseň, men seniň bilen güýzde çözlüşerin”.
Ýatladyp geçsek, Kannonýe tapgyrlaýyn çäräniň çäklerinde Robert Uittaker bilen uruşmalydy, ýöne UFC-niň eks-çempiony şahsy sebäpleri bilen göreşe gatnaşyjylaryň sanawyndan çykdy. Şundan soň Till onuň bilen göreşe razy boldy, muňa garamazdan, iki gün mundan öň, britaniýaly göreşiji Donald Trampa açyk ýüz tutmak bilen, ABŞ-nyň prezidentine Birleşen Ştatlaryň territoriýasyna girmekde kynçylyk döredýän wiza meselesini çözmäge ýardam etmegi haýyş etdi.
Öň, UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Jared Kannonýeniň UFC 248 turnirine 7-nji martda Las-Wegasda bu turnirdäki Israel Adesanýe bilen Ýoelem Romeronyň arasyndaky titul göreşine ätiýaçdaky gatnaşyjy hökmünde taýýarlanmagyny dowam etdirjekdigini habar berdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......