Ýokary gan basyşynda maslahat berilmeýän üç önüm

  • 15.02.2020 22:19
  • 7.1k+

Ýokary arterial basyşly adamlar öz iýmitine doly derejede gözegçilik etmeli we ýörite berhiz saklamaly.
Kubnews.ru saýtynyň habar bermegine görä, lukmanlaryň pikiri boýunça, gipertoniýadan häzirki wagtda Ýer şarynyň ilatynyň, takmynan, üçden bir bölegi ejir çekýär. Bu keseliň ýüze çykmagyna zyýanly endikler (alkogol we çilim çekmek), iýmitiňi nädogry saýlamak we pes fiziki işjeňlik täsir edýär.
Emma tonometrdäki görkeziji heniz ýokary bolmadyk mahaly, adamlaryň köpüsi özlerinde gipertoniýanyň bardygyny hem bilmeýär. Ony bolsa lukman anyk kesgitläp bilýär. Ýöne lukmana gan basyş has howply derejä baryp ýetende däl-de, tonometrde sähel üýtgeşmeler ýüze çykdygy görünmeli. Munuň özi eýýäm adamyň organizminde ýakymsyz özgermäni görkezýän howsalaly ýagdaýdyr.
Adam öz keselini bilmeýän wagty ol adaty durmuş obrazyny dowam etdirýär we organlaryň hem-de sistemalaryň işine has hem zyýan ýetirýär. Basyşyň böküşi netijesinde gan damarlary çalt güýçden galýar. Bu bolsa infarkta we insulta getirip bilýär.
Şonuň üçin alkogoldan we çilim çekmekden hökman ýüz öwürmeli, maşk etmeli we iýmit rasionyny sagdyn iýmitiň peýdasyna üýtgetmeli.
Alymlaryň aýtmagyna görä, gipertoniýadan ejir çekýän adamlar, ilkinji nobatda, şulardan ýüz öwürmeli:
- Duzly önümlerden we naharlardan. Duz gan basyşynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär, şonuň üçin çipsileri, duzly we kakadylan balygy, suharyny, duzly hyýary we beýleki gök önümleri rasiondan aýyrmaly.
- Tiz tagamdan. Bu iýmit konserwantlardan, ýagdan we beýleki goşmaça tagam berijilerden doldurylan. Bu sagdyn adamlar üçin hem peýdaly däl, gipertoniýasy bolan adamlara bolsa asla bolmaýar.
- Şekerden. Diňe arassa şekerden däl-de, onuň ýerini tutujylardan hem ýüz öwürseň dogry bolar. Şeýle etmek bilen organizm gerekli bolan glýukozany kabul edip bilmez diýip pikir etmäň. Ol muny miweleriň we gök önümleriň kömegi bilen kabul eder.

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....