Messi bilen 4-ýyllyk şertnama italýan klublaryna 350-365 mln ýewro düşer

  • 15.02.2020 22:03
  • 5.8k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messiniň italýan klublaryna geçen ýagdaýynda olaryň näçe pul sarp etmeli bolýandyklary belli boldy.
Sports.ru-nyň habar bermegine görä, çykdajy bilen bagly mesele Messä doly ýagdaýda degişli bolan imij hukuklarynyň bahasyna bagly bolýar.
“Barselonada” Messi arassa 35 mln ýewro gazanýar. Bu bolsa onuň başga bir klubda razy boljak minimal tölegi hasaplanylýar. Şeýlelik bilen, salgyt töleglerini hasaba alanyňda, Messiniň aýlygy kluba 66 mln ýewro düşýär. Eger-de salgyt tölegleri azaldylsa, onda çykdajy möwsüm boýunça 51 mln ýewro deň bolýar.
Diýmek, çykdajynyň umumy bahasy ýylda 86-dan 91 mln ýewro çenli üýtgäp durup biler. Şeýle ýagdaýda 4-ýyllyk şertnama baglaşmak üçin ediljek çykdajy 350-365 mln ýewro barabar bolar.
Şu hepde-de Arýedo Braýda özüniň interwýusynda Messiniň diňe “Ýuwentusa” we “Intera” geçip biljekdigini mälim etdi.
Öň, Messiniň klubyň ýolbaşçylary bilen agzalalyk sebäpli “Barselonadan” gitmeginiň ähtimaldygy habar berildi. Şeýle-de, onuň “Ýuwentusa”, “Intera”, “Mançester Ýunaýteda”, “PSŽ” we “Mançester Sitä” geçip biljekdigi belli boldy.
“Barselonanyň” we Braziliýanyň ýygyndy toparynyň ozalky oýunçysy Riwaldo hem katalonlylaryň kapitany Lionel Messiniň geljegi baradaky pikiri bilen paýlaşdy.
— Men Messiniň möwsümiň ahyrynda “Barsadan” gitjekdigi baradaky gürrüňe ynanamok. Ol 14 ýaşyndan bäri biziň birimiz boldy, onuň klub bilen baglanyşygy güýçli. Men onuň üçin gitmegiň manysy bardyr öýdemok. Meniň üçin ol “Romadaky” Françesko Totti ýa-da “San-Pauludaky” Rožerio Seni ýaly bir klubyň oýunçysy. Messiniň Çempionlar ligasynda “Barselona” garşy oýnaýandygyny hem göz öňüne getirmek kyn. Eger-de ol başga bir kluba gidäýse-de, meniň pikirimçe, ol MLS-a däl-de, Hytaýa gider, onda-da sport bilen bagly däl-de, maliýe sebäbi bilen gider – diýip, ol belleýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, argentinaly oýunçy iň bolmanda 2021-nji ýylda häzirki ylalaşygynyň tamamlanjak wagtyna çenli “Barselonada” galar.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......