Hökümet mejlisinde ýanwar aýynda Türkmenistanyň ösüşiniň netijeleri seljerildi

  • 14.02.2020 21:48
  • 4.6k+

14-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hökümet mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemi jemlenildi hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,1 göterim, gurluşykda 0,3 göterim, ulag-kommunikasiýa pudagynda 10 göterim, söwdada 11,1 göterim, oba hojalygynda 3,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda bolsa 7,7 göterim ýokarlandy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda ähli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça öndürilen önümleriň mukdary 5,8 göterim artdy.
Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 1,9 milliard manat, çykdajy bölegi bolsa 1,1 milliard manat derejede ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça ortaça aýlyk haklarynyň mukdary 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim köpeldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýerleriň ünsüni gözegçilik edýän ulgamlarynyň öňünde durýan wajyp wezipelere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn görkezijileriniň ýerine ýetirilişini hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň berjaý edilişini gözegçilikde saklamagyň zerurdygy nygtaldy.
Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
998

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......