UFC Porýe bilen Neýton Diasyň arasynda göreşi gurnamaga synanyşar

  • 13.02.2020 22:25
  • 4.9k+

Ýeňil agramda UFC-niň ozalky wagtlaýyn çempiony Dastin Porýe Neýt Diasy göreşe çagyrdy. Ol öz garşydaşyna Twitter arkaly ilkinji bolup ýüz tutdy we onuň özi bilen göreşjegi-göreşmejegi bilen gyzyklandy.
Eýýäm ertesi gün amerikaly göreşiji UFC 247 turniriniň gidişinde münberden kamera “Bol, Neýt!” diýip gygyrdy.
Käbir HBS UFC-niň bu göreşijileriň arasynda göreşi gurnamak prosesine başlandygyny habar berýärler. Göreşi 2020-nji ýylyň ýaz paslynyň ahyrynda ýa-da tomsuň başynda geçirmek meýilleşdirilýär.
“Men geçen agşam Şon Şelbi bilen gürleşdim. Men olaryň oňa bu göreşi Kaliforniýada maýda, ýa-da iýulda halkara göreş hepdesiniň dowamynda hödürländiklerini bilýärin, şonuň üçin görübereris.
Men häzirem uruşmaga taýýar. Men özümi örän gowy duýýaryn” – diýip, Dastin MMA Junkie-niň teswirinde belleýär.
Gyzykly ýeri, öň Porýe bilen Dias 2018-nji ýylyň noýabrynda UFC 230 turnirindäki oktagona çykmalydylar, ýöne Dastiniň şikesi sebäpli bu göreş ýatyryldy.

düýn 20:53
6.9k+

Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy...

düýn 15:36
10k+

Mbappe sürüjilik şahadatnamasyny aldy we özüne BMW iX3 edindi

«Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe 27 ýaşynda Madridde sürüjilik şahadatnamasyny aldy. Ol özüniň ilkinji ulagy hökmünde awtomat korobkaly doly elektrikleşdirilen «BMW iX3» modelini saýlady. BMW kompaniýasy Madrid klubunyň hyzmatdaşy bolsa-da, toparyň beýleki oýunçylarynyň arasynda bu modeli Mbappeden başga saýlan ýok...

düýn 11:48
5.2k+

BBC-iň sanawyna görä braziliýaly Ronaldo XXI asyryň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi

Britaniýanyň meşhur BBC agentligi XXI asyryň iň gowy hüjümçileriniň sanawyny taýýarlady. Onuň iň ýokary basgançagyny «towşandiş» lakamy bilen tanalýan braziliýaly Ronaldo eýeledi. Gyzykly tarapy, bu sanawa Kriştiano Ronaldu we Lionel Messi girizilmedi...

08.03.2026 22:03
5k+

«Inter Maýaminiň» eýesi: Messi klubda ýylda 80 million dollara çenli gazanýar

Dünýä belli argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Inter Maýami» amerikan futbol klubunda ýylda 70 milliondan 80 million dollara çenli alýar. Bu barada klubuň eýelerinden biri bolan Horhe Mas Bloomberg agentligine beren interwýusynda mälim etdi...