Nurmagomedow Fergýuson bilen göreşe taýýarlanmak üçin ABŞ-a uçdy

  • 11.02.2020 22:50
  • 8.9k+

Garyşyk başa-baş göreşiň rus göreşijisi, UFC-niň ýeňil agram boýunça çempiony Habib Nurmagomedow amerikaly Toni Fergýuson bilen boljak göreşe taýýarlanmak üçin 10-njy fewralda ABŞ-a uçdy. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.
«10-njy fewralda Ştata uçýaryn, meni goldaýanyňyz üçin minnetdar» – diýip, Nurmagomedow Global Fighting Championship (FGC) promouşeniň turniriniň çäklerinde geçirilen press-konferensiýada aýtdy. Bu press-konferensiýa ýekşenbe güni Saratowda geçdi.
Habib 2012-nji ýyldan bäri türgenleşik geçýän ýeri bolan AKA zalynda taýýarlyk görer. Onuň klubdaşy iki kategoriýa boýunça UFC-niň eks-çempiony Deniel Kormýe.
Ýatladyp geçsek, Nurmagomedow bilen Fergýusonyň titul göreşi 18-nji aprelde Bruklinde UFC 249 turnirinde geçiriler.
31-ýaşly Nurmagomedow garyşyk başa-baş göreş boýunça 28 göreşe gatnaşyp, 28 gezek ýeňiş gazandy. UFC-de rus göreşijisiniň hasabynda 12 göreşde 12 ýeňişi bar. 35-ýaşly Fergýusonyň hasabynda MMA-da 28 göreşi bar, olarda 25 gezek ýeňiş gazandy, 3 gezek ýeňildi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......