Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

  • 11.02.2020 21:57
  • 2.8k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonsodan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady, hukuk, ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetika, medeniýet, ynsanperwer we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan birnäçe ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda açylan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasyna möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Ol hyzmatdaşlyga täze itergi berip, gatnaşyklaryň işjeň we netijeli häsiýete eýe bolmagyna hem-de ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer.
Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy durmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi. Energetika howpsuzlygyny, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagy üpjün etmek we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde görkezildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we ony köpugurly esasda ösdürmek, hususy pudaga goldaw bermek, suw serişdelerini dolandyrmak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, adam hukuklaryny üpjün etmek, maýa goýum we beýleki wajyp ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan özara gyzyklanmalar tassyklanyldy.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......