Nurmagomedowyň menejeri: «Habib we Konoryň rewanşy diňe köçede geçirilip bilner»

  • 10.02.2020 22:02
  • 8.9k+

UFC-niň ýeňil agram boýunça çempiony Habib Nurmagomedowyň menejeri Ali Abdel-Aziz irlandiýaly Konor Makgregor bilen nähili ýagdaýda rewanşyň bolup biljekdigi barada gürrüň berdi.
— Göreş diňe köçede gurnalan ýagdaýynda geçirilip bilner. Makgregor üýtgeşik bir tomaşa gurnamaly bolar. Siz onuň kimdigini bilýärsiňizmi? Konor Makgregor iň zabun adamlaryň biri bolany üçin, iň uly «ýyldyzlaryň» biri.
— Geliň, hakykatyň ýüzüne seredeliň. Bu ýigit bize ýaranok. Ol hiç haçanam bize ýaramaz. Biz oňa her gezek duşan wagtymyz, nähilidir bir mesele döräp başlaýar. Ol maşgala, din we jyns barada nämedir bir zatlar diýýär. Ol çäkden geçýär, Habib bilen bolsa beýle bolmak bolmaýar.
— Eger-de Habib Konor bilen uruşsa, onda Habibiň puly örän köp bolar. Ýöne ähli zat pulda jemlenenok ahyryn – diýip, Abdel-Aziz aýdýar.
Ýatladyp geçsek, Konor bilen Habibiň göreşi 2018-nji ýylyň oktýabrynda boldy, onda rus göreşijisi üstün çykyp, çempionlyk titulyny gorady.
Bu ýeňlişden soň Konor oktagona bir ýyldan gowrak wagt çykmady, 2020-nji ýylyň ýanwarynda bolsa ol dolandy we 40 sekundyň içinde amerikaly Donald Serronäni nokauta gidirip, ýeňiş gazandy.
Habibiň Toni Fergýusona garşy göreşi 19-njy aprelde UFC 249 turnirinde geçer. Rus göreşijisiniň hasabynda 28 ýeňiş bar. Makgregoryň hasabynda 22 ýeňiş, 4 gezek ýeňliş bar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......