Ýewropa çempionatlarynyň iň ýokary hak tölenýän futbolçylarynyň sanawy neşir edildi

  • 08.02.2020 22:49
  • 6.2k+

«L’Equipe» fransuz gazeti Ýewropa çempionatlarynyň iň köp hak tölenýän futbolçylarynyň bäşliginiň sanawyny neşir etdi.
Iň köp gazanýan futbolist «Barselonanyň» hüjümçisi Lionel Messi boldy. Ol salgytlary tölemezinden öň, aýda 8,3 million ýewro gazanýar.
Ikinji orny «Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeleýär — 4,5 mln, üçlügi «PSŽ-niň» hüjümçisi Neýmar jemleýär — 3 mln.
Ýewropanyň iň köp hak tölenýän oýunçylarynyň sekizligi:
1. Lionel Messi («Barselona») – aýda 8,3 mln ýewro
2. Kriştianu Ronaldu («Ýuwentus») – 4,5
3. Neýmar («PSŽ») – 3,0
4. Antuan Grizmann («Barselona») – 2,9
5. Luis Suares («Barselona») – 2,9
6. Garet Beýl («Real») – 2,5
7. Eden Azar («Real») – 2,5
8. Kilian Mbappe («PSŽ») – 1,8
«Mançester Ýunaýtediň» derwezebany Dawid de Hea – Angliýada iň köp hak tölenýän oýunçy – aýda 1,76 mln ýewro.
Germaniýada «Bawariýanyň» oýunçylary has köp gazanýar. Olardan Robert Lewandowski we «Barselonadan» kärendesine alnan braziliýaly Filippe Koutinýo — 1,66 mln.

düýn 23:16
899

Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi

Baku 2026-njy ýyl üçin «Dünýäniň sport paýtagty» statusyna mynasyp boldy. Degişli çözgüt Ýewropanyň sport paýtagtlarynyň we şäherleriniň federasiýasy (ACES) tarapyndan kabul edildi diýip, AzerTaj agentligi habar berýär...

düýn 23:12
1k+

FIFA bahalar tankytlanandan soň DÇ-2026 üçin käbir petekleriň bahalaryny arzanlatdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin petekleriň täze arzan kategoriýasyny girizdi. Bu guramanyň baha syýasatynyň ýiti tankytlanmagynyň netijesi boldy. «Janköýerler üçin giriş petegi» atly täze kategoriýa boýunça petek bahasy 60 dollar bolar...

düýn 22:53
673

Olimpiadany geçirmegiň bahasy näçe? Pariže ol 2,8 mlrd ýewro düşdi

Fransiýanyň Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýasy 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bahasyny 2,8 mlrd ýewro diýip hasaplady. Bu barada Europe 1 radiostansiýasy habar berdi. «2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň arassa bahasy Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýa tarapyndan 2,8 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar» — diýlip, radiostansiýanyň habarynda aýdylýar...

düýn 22:41
2.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus» kompaniýasy bilen Awazada golf meýdançalaryny gurmak mümkinçiligini maslahatlaşdy

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň...