«Barselona» çökgünligi başdan geçirýär

  • 07.02.2020 23:14
  • 4.9k+

«Atletikiň» baş tälimçisi Gaiska Garitano «Barselona» bilen Ispaniýanyň Kubogynyň 1/4 final duşuşygynyň öň ýanynda katalon klubyndaky ýagdaý baradaky pikiri bilen paýlaşdy.
— Islendik ýagdaýda-da, «Barselona» öňdebaryjydyr. Bu toparda dünýäde iň gowy futbolçylar oýnaýar. Olarda Messi, Grizman, Pike, Buskets, Rakitiç... oýnaýarka, nähili çökgünlik bolup biler? «Barselona» – bu iň gowy oýunçylary bolan iň gowy topar — diýip, Garitano belleýär.
Öň, HBS-de «Barselonanyň» çökgünligi başdan geçirýändigi barada maglumat ýüze çykdy: toparyň kapitany Lionel Messiniň ýolbaşçylar bilen dawasy üçin tomusda topardan gitmegi ahmal. Katalon metbugatynyň berýän habarlaryna laýyklykda, argentinaly hüjümçi toparyň başynda Kike Setýeni däl-de, katar «Al-Sadda» toparynyň halypasy Hawini görmek isleýär.
Şeýle-de, Messi bilen katalon toparynyň birnäçe oýunçylarynyň arasynda agzalalyk ýüze çykdy, esasanam, katalonlylaryň goragçysy Žerard Pike bilen. Şonuň bilen birlikde, Messi klubyň sport direktory Erik Abidalyň bildirişinden hem nägile boldy. Ol oýunçylaryň ählisiniň eks-tälimçi Ernesto Walwerdeden razy bolmandyklaryny, munuň bolsa netijä oňaýsyz täsir edendigini aýtdy. Muňa bolsa Messi şeýle jogap berýär:
— Dogrymy ýatsam, maňa şeýle zatlar barada gürrüň etmek ýaranok. Ýöne meniň pikirimçe, her kim öz işine jogapkärli garamaly we öz çözgütleri barada pikir etmeli. Oýunçylar meýdançada bolup geçýän zatlara jogapkärçilik çekýärler we hemme zat ýerbe-ýer bolmasa, ony ilkinji bolup biz aňlaýarys.
Kluby dolandyrmaga jogap berýänler hem öz borjuny ýerine ýetirmeli we ilkinji nobatda, özleriniň kabul edýän çözgütlerini kabul etmegi başarmaly. Meniň pikirimçe, gürrüň oýunçylar hakda gidende anyk atlary atlandyrmak hökmanmyka diýýän. Bolmasa, biz hakykata laýyk gelmeýän teswirleri alarys – diýip, Messi Instagram sahypasynda ýazýar. Messiniň Walwerdeniň gitmegine garşy bolandygy bellenilýär.
Belläp geçsek, 6-njy fewralda «Barselona» «Atletikden» (0:1) ýeňlenden soň, Ispaniýanyň Kubogyndan gaýtdy.

düýn 20:07
7.6k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

düýn 16:37
1.5k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......

düýn 10:51
9.2k+

Ýamalam däl, Mbappe-de: Goal «Altyn topa» iň mynasyby yglan etdi

Goal portaly 2026-njy ýylda «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Onda iň esasy dalaşgär «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn bolup durýar. Ikinji orny «Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal......

düýn 07:17
2k+

19 ýaşly Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisini utdy we «Formula-1-iň» iň ýaş lideri boldy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana......