Serdar Berdimuhamedow senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenildi

  • 07.02.2020 22:29
  • 14k+

Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Serdar Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmak we ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellemek hakynda resminama gol çekdi. Täze edara Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary esasynda öňki Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň «Türkmensenagat» agentliginiň binýadynda döredildi, diýip döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.
Resminama laýyklykda, aragatnaşyk we kommunikasiýa, şeýle hem awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary agentlikleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berildi.
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine we ady agzalan agentliklere şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
998

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......