Habib Nurmagomedow saud şeýhleriniň teklibine jogap berdi

  • 05.02.2020 21:50
  • 13k+

UFC-niň ýeňil agram boýunça çempiony Habib Nurmagomedow ähli ünsüni Toni Fergýuson bilen boljak göreşinde jemleýär hem-de Saud Arabystanyň şeýhleriniň rus göreşijisine Konor Makgregor bilen rewanş üçin ýüz million dollar hödürländiklerine garamazdan, bu rewanşy geçirmek ähtimallygy barada pikir etmeýär.
«Bu pullary maňa bermek nämä gerek? Bu pula hakykatdan mätäç bolan birnäçe guramalar bar, ahyryn. Körleriň arasynda diňe bir futbol däl, sambo hem bar we maýyplar üçin sportuň beýleki görnüşleri hem bar. Eger olar puly sowmaga ýer tapmaýan bolsalar, goý, şolara bersinler. Maňa bolsa, bu samsygy ýene bir gezek urmak üçin ýüz million dollar bermek, meniň pikirimçe, bu ýerlikli däl» - diýip, Nurmagomedow Kaspiýskide körleriň arasynda futbol boýunça geçirilen turnirden soň press-konferensiýada aýtdy.
«Häzir men Toni Fergýuson bilen boljak göreşde ünsümi jemleýärin, Konor Makgregor bilen rewanş bolsa meniň üçin gyzykly däl. Hemmeler oktagonyň içinde näme bolandygyny gördüler. Men göreşiň gidişini kontrollykda sakladym. Hemme islän zadymy hem etdim. Ol ýeňlendigini boýun hem aldy. Şundan soň rewanş barada nähili gürrüň bolup biler?».
Öň, Habib Nurmagomedowyň menejeri Ali Abdelaziz saud milliarderleriniň olara Konor Makgregor bilen rewanşy hem-de boks boýunça Floýd Meýwezer bilen duşuşygy Saud Arabystanda geçse, onda olaryň hersi üçin ýüz million dollar tölemegä taýýardyklaryny habar berdi.
Ýatladyp geçsek, ýeňil agramda Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýusonyň arasynda titul göreşi 18-nji aprelde Bruklinde UFC 249 turnirinde geçer.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......