Futzal boýunça Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň wagty süýşürildi

  • 05.02.2020 10:51
  • 5.3k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy gyzyklanma bildiren degişli taraplaryň ählisi bilen geçiren geňeşmelerinden soň, 2020-nji ýylyň 26-njy fewraly bilen 8-nji marty aralygynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulan futzal boýunça Aziýa çempionatynyň geçirilmeli senesini soňa süýşürdi. Bu barada AFK tarapyndan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna gelip gowşan resmi hatda beýan edilýär.
Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň geçiriljek senesi soň belli ediler.
Ýatladyp geçsek, Aşgabadyň «Olimpiýa» myhmanhanasynda Türkmenistanda boljak futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň final böleginiň bije atyşlygynyň jemi boýunça Aziýa yklymynyň iň oňat futzal toparlarynyň 16-sy dört topara bölündi.
«A» toparyna Türkmenistanyň ýygyndy topary bilen birlikde Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň toparlary düşdi.
«B» toparyna Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň, Liwanyň we Ýaponiýanyň toparlary girdi.
«C» toparynda Indoneziýanyň, Hytaýyň, Bahreýniň we Özbegistanyň toparlary güýç synanyşarlar.
«D» toparyna giren Saud Arabystanynyň, Koreýa Respublikasynyň, Tailandyň ýygyndy toparlary bolsa futzal boýunça Aziýa futbol konfederasiýasynyň häzirki çempiony bolan Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndy topary bilen bäsleşerler.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......