HBS: Messi bilen Pike «Barselonanyň» türgenleşiginde dawa etdiler

  • 04.02.2020 23:41
  • 6.4k+

Ispan HBS-i «Barselonanyň» hüjümçisi Lionel Messi bilen toparyň goragçysy Žerar Pikeniň arasyndaky dawa barada habar berdiler.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, geçen sişenbe güni katalon toparynyň iki futbolçysy türgenleşikdäki ikitaraplaýyn oýun wagtynda çaknyşýarlar. Oýunçylar biri-birine batly ses bilen nägilelik bildirip başlaýarlar. Dawany çözmek üçin olaryň ýoldaşlary goşulmaly bolýar, bu hereketler uruşmak derejesine baryp ýetmeýär.
Belläp geçsek, 25-nji ýanwarda «Barselona» «Walensiýadan» (0:2) ýeňildi, 2-nji fewralda topar «Lewanteni» (2:1) ýeňdi.
Häzirki wagtda katalonlylar Ispaniýanyň premýerasynyň turnir tablisasynda ikinji orny eýeleýär, olar «Realdan» üç utuk bilen yza galýarlar.
Ýatladyp geçsek, 13-nji ýanwarda «Barselona» Ernesto Walwerdeniň işden gidendigini habar berdi. Topara indi Kike Setýen ýolbaşçylyk edýär.

şu gün 07:33
1.3k+

Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubuny açmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň russiýaly küştçi, grossmeýster, Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň senatory Sergeý Karýakin, şeýle hem Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin bilen iş duşuşyklary boldy...

düýn 11:44
7.1k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady...

03.03.2026 17:10
8.7k+

Ar almagyň wagty geldi: 11 ýyldan soň Holloueý bilen Oliweýra rewanş duşuşygyny geçirer

8-nji martda Las-Wegasda (ABŞ) ýylyň iň garaşylýan ýaryşlarynyň biri bolan UFC 326 geçiriler. Agşamyň esasy wakasy garyşyk söweş sungatynyň iki sany güýçli wekiliniň, ýeňil agramda (70 kg çenli) ozalky çempion, braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Maks Holloueýiň arasyndaky rewanş duşuşygy bolar...

03.03.2026 15:21
5.8k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...