Ronaldu resmi oýunlardaky gollarynyň sany boýunça taryhda üçünji orna çykdy

  • 04.02.2020 23:05
  • 4.4k+

«Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Italiýanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň «Fiorentona» (3:0) bilen oýnunda iki ýeňşi resmileşdirdi.
Portugaliýaly futbolçy iki gezek jerime urgusyny geçirdi, şondan soň onuň resmi oýunlarda salan gollarynyň hasaby 722-ä ýetdi. Şeýle görkeziji bilen ol taryhda hasabynda 720 gol bolan nemes Gerd Mýullerden öňe geçip, üçünji orna çykdy.
Bu sanawa 767 gol bilen Pele baştutanlyk edýär. Ikinji orunda Romario ýerleşýär (734 gol).
Bu sanawda häzirki futbolçylardan «Barselonanyň» hüjümçisi Lionel Messiniň bardygyny hem belläp geçmeli. Argentinaly oýunçynyň hasabynda 705 sany şowly urgusy bar.
Häzirki möwsümde Ronaldu «Ýuwentus» üçin 27 oýna gatnaşdy, olarda 22 gezek gol saldy we üç gezek pökgini netijeli geçirdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......