Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliarda golaý amerikan dollary bölünip berler

  • 03.02.2020 23:41
  • 10k+

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygynda daşary ýurtlardan getirilmegi zerur bolan enjamlaryň we materiallaryň bahasyny tölemek üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» kararyna laýyklykda Türkmenistanyň döwlet serişdelerinden 1 465 747 129, 60 (bir milliard dört ýüz altmyş bäş million ýedi ýüz kyrk ýedi müň bir ýüz ýigrimi dokuz bitin ýüzden altmyş) amerikan dollaryny bölüp bermek bellenildi.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......