Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 03.02.2020 23:18
  • 3.2k+

3-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda degişli ýolbaşçylar paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde işleriň ýagdaýy, özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen bagly meseleler, oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm ugurlary barada hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de beýleki enjamlary nobatdaky ekiş möwsümine düýpli taýýarlamalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem sebitlerde öňde boljak ýazky bag ekmek çäresine degişli derejede taýýarlyk görmek, bag ekiljek ýerleri hem-de nahallary öz wagtynda kesgitlemek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Welaýatlarda gurulýan medeni-durmuş hem-de önümçilik ähmiýetli desgalaryň we binalaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek boýunça tabşyryklar berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutany Kaka etrabynyň häkimi wezipesine A.Gurbanowy belläp, ony şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de D.Garaýewi Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakynda degişli resminamalara gol çekdi.
Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliarda golaý amerikan dollaryny bölüp bermek barada Karara gol çekdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda A.Hoçžyýew Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi.
Şeýle hem 1-nji fewralda täze döwletara energiýa köprüsiniň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyna degişli taslamany durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrynyň gurluşygyna girişmek mynasybetli geçirilen dabara barada hasabat berildi.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......