Porýe greppling düzgüni boýunça göreş geçirer

  • 03.02.2020 23:01
  • 3.6k+

UFC-niň ýeňil agram boýunça ozalky wagtlaýyn çempiony Dastin Porýe grepplingiň düzgüni boýunça göreş geçirer, bu barada BJ Penn habar berýär. Onuň garşydaşy göreş sungatynyň ussady we jiu-jitsu boýunça gara guşagyň eýesi Garri Tonon bolar. Duşuşyk 21-nji fewralda Maýamide geçer (Florida ştaty, ABŞ).
Dastin Porýe – UFC-niň reýtinginde ýeňil agram boýunça ikinji belgili göreşiji. Onuň ozalky göreşi sentýabrda UFC 242 turnirinde geçdi. Agşamyň esasy göreşinde ol guramanyň çempiony Habib Nurmagomedow bilen duşuşdy we ondan ýeňildi.
Garyşyk başa-baş göreşde Porýe jemi 32 göreşe gatnaşdy. Olaryň 25-sinde ýeňiş gazandy, alty gezek ýeňildi, bir göreş bolsa bolmadyk diýlip hasap edildi.
Ýaňy-ýakynda Porýe UFC-de indiki gezek Konor Makgregor ýa-da Neýt Dias bilen göreşmek isleýändigini duýdurdy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......