Neýmar «Monpelýe» bilen oýunda emini kemsideni üçin diskwalifisirlenip bilner

  • 03.02.2020 22:55
  • 3.6k+

«PSŽ-niň» hüjümçisi Neýmar Fransiýanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Monpelýe» (5:0) garşy duşuşykda baş eminiň hereketlerinden nägile boldy.
Ýatladyp geçsek, duşuşygyň 38-nji minudynda braziliýaly oýunçy myhmanyň oýunçysy Arno Sukä topy nädogry berip, soňundan ony üstünden gülüji äheňde utup aldy. Şundan soň baş arbitr Žerom Brizar futbolistiň hereketini kemsidiji diýip hasap etmek bilen, hüjümçä sary kartoçkany görkezdi.
Oýnuň arakesmesinde hüjümçi klubyň ýarym goragçysy Marko Werrattä eminden zeýrenip başlady: «Men futbol oýnaýaryn, ol bolsa maňa sary kartoçkany görkezýär! Onuň maňa sary berip bilmeýändigini oňa aýt». Brizar onuň sözüni diňläp, ony köşeşmäge çagyrdy. 27 ýaşly oýunçy muňa sögünç sözler bilen gygyryp jogap berdi. Şol sözleri üçin Neýmaryň diskwalifisirlenip biljekdigi habar berilýär.
Häzirki möwsümde Neýmar «PSŽ» kluby üçin 18 oýna gatnaşdy, olarda 15 gezek gol saldy we 10 gezek pökgini netijeli geçirdi.
22 tapgyrdan soň «PSŽ» Fransiýanyň çempionatynyň turnir tablisasynda birinji orny eýeleýär, onuň hasabynda 55 utuk bar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......