Telekeçileriň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek bellenildi

  • 02.02.2020 22:48
  • 3.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:
Türkmenistanyň Hökümetiniň — karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň «John Deere Walldorf GmbH & Ño.KG» kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deere Credit Inc.» kompaniýasy — karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 8 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga;
oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 8 ýyla çenli möhlete içerki karz ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bu resminama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen «John Deere Waldorf GmbH &Co.KG» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Strategik ylalaşyga laýyklykda taýýarlanyldy. Bu ylalaşyga birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gol çekilipdi.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......