Setýen: Messiniň bagtly bolmagy we «Barselonadan gitmek islemezligi üçin hemme zat ederin

  • 02.02.2020 15:35
  • 4.9k+

«Barselonanyň» tälimçisi Kike Setýen Lionel Messi bilen işleşmekde özünde galan täsiri bilen paýlaşdy.
Kike Setýen Lionel Messi «Barselonadan» gitmek islemez ýaly ähli şertleri döretmäge taýýar.
«Men biz Messiniň «Barselonada» özüni has gowy duýar ýaly hem-de topardan gitmek barada pikir etmez ýaly edip bileris diýip umyt edýärin — diýip, Sport.es «Barselonany» baş tälimçisiniň sözüni getirýär.
— Biziň beýleki oýunçylar ýaly, Lionel bilen hem aramyzda gowy gatnaşyklar ýola goýuldy. Hemmeler onuň ýeňijidigini hem-de onuň öz üstünligi üçin däl-de, toparyň üstünligi üçin jan edýändigini bilýärler. Messi özüniň «Barselona» üçin nähili möhümdigini hem bilýär we onuň ýeňiş gazanmagy üçin güýjünde baryny edýär».
«Walensiýadan» ýeňlenden soň, «Barselona» Premýerada öňdebaryjylygyny ýitirdi, ýöne ol ýekşenbe güni, ýagny 2-nji fewralda boljak 22-nji tapgyryň «Lewante» garşy oýnunda onuň öwezini dolmak isleýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......