Messi rekordlary eýelemegini dowam etdirýär: ispan turnirinde 500 ýeňiş we 500 gol

  • 01.02.2020 23:31
  • 3.2k+

Ispaniýanyň «Barselona» klubynyň hüjümçisi Lionel Messi rekord üstünliklerini gazanmagyny dowam etdirýär. Katalonlylaryň Ispaniýanyň kubogynyň 1/8 final oýnunda ol «Leganesi» (5:0) uly hasap bilen ýeňmäge öz goşandyny goşdy we ýeňşiniň sanyny tutuş ispan turniri boýunça (çempionat, Kubok, Superkubok) 500-e ýetirdi.
Netijede, 32 ýaşly argentinaly futbolçy şeýle üstünlige ýeten ilkinji oýunçy boldy. «500» belgä ýetmäge şu futbolçylar ýakyn gelipdiler: Hawi (482 ýeňiş), Iker Kasilýas (463) we Andres Inýesta (459).
«Leganes» bilen bolan oýunda dubl geçiren Messiniň tutuş ispan turniri boýunça geçiren pökgüleriniň sanyny hem 500-e ýetirendigini belläp geçmek gerek.
Ýatladyp geçsek, ýakynda futbol agenti Frensis Nkwain Messiniň katalon klubyndan gitmek kararyna gelse, «Liwerpula» geçmeginiň mümkindigini hem habar berdi.
— «Liwerpulda» häzir «altyn ortalyk» hereket edýär, olar özlerine bir zatlary goşup bilýärler. Eger-de Messi güýçli liga çagyryş üçin «Barselonadan» gitse, «Liwerpul» onuň gidip biljek kluby — diýip, «Daily star» gazeti agentiň sözlerini getirýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......