Türkmenistanda harby we hukuk meseleleri boýunça wise-premýer wezipesi girizildi

  • 31.01.2020 06:31
  • 11k+

30-njy ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümi tassyklanyldy, wezipelere bellemek we beýleki birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisiň başynda döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň wezipesini harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň biri tarapyndan ýerine ýetirilendigini belledi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da guramaçylykly utgaşdyrmak, öz wagtynda çözgüt çykarmak we degişli resminamalary taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýaňy-ýakynda kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi bilen bagly täze Kanun kabul edildi.
Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasary şol bir wagtda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur boýunça wise-premýeriň wezipesi girizildi hem-de Ministrler Kabinetinde degişli bölümler açyldy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutany Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-leýtenanty Ç.Amanowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellemek hem-de ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesinden boşatmak hakynda degişli Permanlara gol çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň Başlygynyň orunbasaryna, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýüzlenip, «Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sazlaşykly işlemegi üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň täze döredilen bölümleri hakynda Düzgünnamalary bellenilen tertipde taýýarlamagy tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň geçirilýän işler barada, Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan harby özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy, öňdebaryjy tehnologiýalary we öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada beren hasabatlaryny diňledi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow N.Kowusowy Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekip, ony şol ministrligiň institutynyň nyzam taýýarlygy we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatdy.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......