Aşgabatda Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

  • 30.01.2020 23:20
  • 1.9k+

Aşgabatda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Konstitusion toparyň mejlisi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry yglan edilipdi.
Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri göz öňünde tutup, Konstitusion topar döredildi. Geçen döwrüň içinde toparyň iki mejlisi — birinjisi geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda, ikinjisi hem 4-nji dekabrynda geçirildi.
Bu gezekki mejlisiň barşynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyň taslamasy deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......