Iki palataly parlament Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýlip atlandyrylar

  • 30.01.2020 23:30
  • 2.7k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Konstitutsion toparyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyň taslamasy deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Garaşsyz ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak we ygtyýarlyklaryny giňeltmek, durmuşymyzyň ähli taraplaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak biziň esasy maksadymyzdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, biziň öňe süren başlangyçlarymyzyň anyk kanunçylyk namasynyň, ýagny Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynda öz aýdyň beýanyny tapandygyny bellemek guwandyryjydyr. Ol döwletimiziň konstitusion gurluşyny berkitmäge we has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu Kanun ara alnyp maslahatlaşylandan soň, ony Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlemek göz öňünde tutulýar.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany Esasy Kanunymyza girizilmegi göz öňünde tutulýan anyk düzgünler barada durup geçdi.
Şeýlelikde, gelip gowuşýan köp sanly tekliplere laýyklykda, wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýet bolup durýan iki palataly edaranyň bitewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek hakyndaky başlangyjymyz gyzgyn goldaw tapdy. Şoňa görä-de, siziň garamagyňyza hödürlenen resminamada Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan 61 belgili maddany aýyrmak teklip edilýär.
Konstitusion topara gelip gowuşýan teklipler bilen baglylykda we iki palataly parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, Milli Parlamenti Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa Halk Maslahaty diýip atlandyrmak teklip edildi.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......