Ýaponiýalylar sürüjisiz traktory işläp düzdüler

  • 30.01.2020 22:55
  • 4.9k+

Kubota ýapon kompaniýasy täsin konseptini – sürüjisiz elektrik traktoryny görkezdi.
Kubota kompaniýasynyň aýtmagyna görä, häzir Ýaponiýada fermer az we olar uly meýdan böleklerini ekişe taýýarlamaly bolýarlar. Şeýle meseläni göz öňünde tutmak bilen, kompaniýa täsin konsepti — sürüjisiz traktory döretmek kararyna gelýär.
Bu ulag «X traktor» adyny aldy; ilkinji gezek ol üstümizdäki aýda Kioto şäherindäki sergide köpçülikleýin görkezildi. Konsept barada tehniki detallar ýok, diňe onuň doly ýagdaýda güýçli elektrik gurluşy bilen üpjün edilendigi belli.
X traktor köp sanly kameralaryň we datçikleriň esasynda daş-töwerek barada maglumat alýan emeli intellekt arkaly dolandyrylýar. Ol geolokasiýa sistemasy bilen enjamlaşdyrylan.
Bu täze önüm şaly ekilen ýa-da adaty meýdanlar boýunça awtonom hereket etmäge ukyply, ol başga ýumuşlaryň birnäçesinden hem baş çykarýar. Traktor howany seljerip hem-de ekişe ýa-da hasyly ýygnamak üçin meýdana çykmalymy ýa-da çykmaly däldigini hem çözüp bilýär.
Traktor güýçli elektrik gurluşy bilen birikdirilen zynjyr ýöredijileri arkaly herekete getirilýär. Traktor litiý-ion akkumulýatorlary bilen enjamlaşdyrylan we ol Gün panellerinden zarýadlanmaga ukyply, diýip Kubota kompaniýasynyň press-gullugy habar berýär.
X traktorynyň seriýaly önümçilige goýberiljekdigi ýa-da däldigi barada häzirki wagtda hiç hili maglumat ýok.
Öň, MediaPotok informasion agentligi Sýuriha ýokary tehniki mekdebiniň işgärleriniň «sürüjisiz ekskawatorlary» taýýarlap, oňa garymy özbaşdak gazmagy öwredendikleri barada ýazdy. Oňa esas hökmünde apparatyň özbaşdak garym gazmagyna kömek edýän datçikler we algoritmler bilen üpjün edilen ädimleýän enjam alyndy.

düýn 22:12
1.2k+

Nissan we Infiniti awtomobillerinde sesi sürüjiniň eşidişine görä sazlamak üçin funksiýa peýda boldy

Nissan kompaniýasy sesiň ýaňlanyşyny sürüjiniň eşidiş aýratynlyklaryna görä sazlamak üçin niýetlenen mugt Personalized Sound programmasyny işe girizdi. Hyzmat Google built-in multimedia ulgamy bilen üpjün edilen Nissan we Infiniti awtomobilleriniň eýeleri üçin Google Play dükanynda elýeterli boldy diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:49
2.3k+

Reuters: Tesla-nyň direktorlar geňeşiniň agzalary höweslendirmeleriň hasabyna 3 milliard dollardan gowrak gazandylar

Tesla kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzalary 2004-nji ýyldan bäri, esasan, paýnama opsionlary görnüşinde jemi 3 milliard dollardan gowrak sylag gazandylar. "Equilar" kompaniýasynyň hasaplamalaryna esaslanyp, "Reuters" agentligi şeýle maglumat berýär...

düýn 12:17
3.8k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...

17.12.2025 16:43
4.2k+

Jeep Wrangler ýolsuz awtoulagy ak reňkli radiator gözenegi bolan ýörite nusgada çykaryldy

Jeep kompaniýasy Wrangler modeliniň "Whitecap" diýlip atlandyrylan täze ýörite wersiýasyny hödürledi. Bu seriýa özboluşly stili we könäni ýatladýan dizaýny, esasanam, kuzowynyň esasy elementlerinde ak reňkli bezegleriň ulanylmagy bilen tapawutlanýar...